Eýranda iň soňky korona ýagdaýy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i12460-eýranda_iň_soňky_korona_ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk we maglumat merkezi ýurtda soňky 24 sagatda 184 watandaşyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 14, 2021 10:49 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk we maglumat merkezi ýurtda soňky 24 sagatda 184 watandaşyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.

EýranPress habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi şu gün 184 "kowid 19" hassasynyň soňky 24 sagatda ölendigini habar berdi we ýurtda ölenleriň umumy sanyny 86,391 adam diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyklaýyş ölçeglerine laýyklykda soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda kowid-19 bilen kesellän 23,371 täze hassanyň tapylandygyny we olardan iki müň 457-siniň keselhanalarda ýatyrlandygyny yglan etdi.

bu hasabata görä, Eýranyň Saglygy goraýyş ministrligi näsaglaryň umumy sanynyň 3,440,400-a ýetirendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi şu wagta çenli 3 million 691 müň 943 hassanyň sagaldylandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny mälim etdi.