Ardakanian: Halkyň we iri pudaklaryň hyzmatdaşlygy bilen elektrik togumyz kesilenok
Eýranyň Energetika ministri, sarp etmegi azaltmak üçin halkyň, esasanam iri pudaklaryň goldawy bilen, geçen penşenbe gününden bäri önümçiligiň azlygy sebäpli elektrik togunyň kesilmändigini aýtdy.
"Reza Ardakanian" çarşenbe güni ministrler kabinetiniň ýygnagynyň çäginde, EýranPress habar gullugy bilen geçirilen ýörite söhbetdeşlikde Eýranda elektrik öndürilişiniň soňky ýagdaýy barada düşündiriş berip yssy howa bar we elektrik energiýasyny sarp etmek üçin adamlar we iri pudaklaryň hyzmatdaşlygy henizem zerurdyr diýdi.
Eýranyň Energetika ministri, habar beriş serişdeleriniň halky Energetika ministrligi bilen hyzmatdaşlyga çagyrmak we höweslendirmek boýunça alyp barýan işleriniň elektrik energiýasynyň sarp edilmeginiň azalmagyna sebäp boljakdygyna umyt bildirdi.