Ruhani: Urany 90% baýlaşdyrmak ukybymyz bar
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti ýadro ylalaşygynyň tassyklanmagynyň taryhyna yşarat edip ýadro senagatymyz güýçli şekilinde galdy we soňky aýlarda çalt ösdi diýdi.
Şu gün Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani ministrler kabinetinde beren gürrüňlerinde Ysraýyl we Saud Arabystany reimesimleri we Amerikaly ekstremistler we rewolýusiýa garşylar şol ilkibaşdan ýadro ylalaşyga garşy çykýardylar we elmydama işini bozmak islediler we bu ugurda nadan adamy hem tapdylar we ondan ýadro ylalaşykdan ýüz öwürmegi islediler we oňa ýadro ylalaşykdan çyksaň bu şertnamanyň galmajakdygyny aýtdylar ýagny Trump-a 24 sagat çydasaň ertesi gün irden Eýran ýadro ylalaşygy terk eder we bütin dünýä Eýran ýadro ylalaşykdan çykandygyny kabul ederler we hemme günäni Eýranyň üstüne oklarlar diýip aýdýar.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti sözüniň dowamynda olaryň bu hasaplamalary nädogry çykdy we esasy maksatlaryna ýetmedi diýmek bilen olaryň esasy maksady bu düzgüni bozmak we ykdysadyýetini çökmekdi emma netije ýetmedi diýdi.
Ruhani sözüni dowam etdirip: ýadro ylalaşykda Eýranyň ýadro senagaty güýçli bolup galdy we Atom Energiýasy Guramasynyň urany 20% we 60% öndürip biljekdigini görkezdi, hatda bir gün reaktorlarymyz üçin 90% islesek-de, problemamyz ýokdyr we Parahatçylykly ýagdaýda islendik zady edip bileris we bu Eýranyň görkezip biljek güýjidir.