Mousawi: Eýranyň gündogar serhetlerinde doly howpsuzlyk berkarar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i12494-mousawi_eýranyň_gündogar_serhetlerinde_doly_howpsuzlyk_berkarar
Eýran Yslam Respublikasynyň goşunynyň baş serkerdesi: "Gündogar serhetleri barada alada ýok we ýaragly güýçler hemişe uly howplara garşy durmaga taýyn".
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 15, 2021 07:35 Asia/Ashgabat
  • Mousawi: Eýranyň gündogar serhetlerinde doly howpsuzlyk berkarar

Eýran Yslam Respublikasynyň goşunynyň baş serkerdesi: "Gündogar serhetleri barada alada ýok we ýaragly güýçler hemişe uly howplara garşy durmaga taýyn".

Mehr habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň goşunynyň baş serkerdesi "Amir general-maýor Seýid Abdul Rahim Mousawi" ýurduň gündogar serhetlerine baryp görende Owgan halky bilen umumy köklerimiz sebäpli, olaryň howpsuzlygy, parahatçylygy we abadançylygy bilen gyzyklanýarys we owgan doganlarymyzyň ýagdaýy barada alada edýäris diýdi.

Goşunyň baş serkerdesi sözüniň dowamynda "Eýranyň ýaragly güýçleri ençeme ýyl bäri uly howplara garşy göreşmäge taýýarlyk görüp ýörler we bir waka ýüze çyksa, ony çalt we güýçli çözmäge taýyndyrlar diýip yglan etdi.