Eýranda iň soňky korona ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi: Soňky 24 sagadyň dowamynda 199 watandaşyň korona wirusy sebäpli ölendigini yglan etdi.
Şu gün Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi 199 "kowid 19" hassasynyň soňky 24 sagatda ölendigini habar berdi we ýurtda ölenleriň umumy sanyny 86,791 adam diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyklaýyş ölçeglerine laýyklykda soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda kowid-19 bilen kesellän 21,885 täze hassanyň tapylandygyny we olardan iki müň 410-synyň keselhanalarda ýatyrlandygyny yglan etdi.
bu hasabata görä, Eýranyň Saglygy goraýyş ministrligi näsaglaryň umumy sanynyň 3,485,940-a ýetirendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi şu wagta çenli 3 million 101 müň 618 hassanyň sagaldylandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny mälim etdi.
Resmi maglumatlara görä, korona wirusy dünýäde 189 milliondan gowrak adama ýokaşdy we 4 million 84 müňden gowrak adamy öldürdi.