Ruhaniniň Eýran-Günorta Koreýa gatnaşyklarynda bank meselelerini çözmäge berýän ünsi
(last modified Tue, 20 Jul 2021 11:21:29 GMT )
Jul 20, 2021 16:21 Asia/Ashgabat
  • Ruhaniniň Eýran-Günorta Koreýa gatnaşyklarynda bank meselelerini çözmäge berýän ünsi

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Günorta Koreýanyň Tährandaky täze ilçisiniň şahsyýetnamasyny almak dabarasynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklardaky bank meseleleriniň çözülmegine ünsi çekdi.

Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani şu gün, sişenbe güni Tähranda Günorta Koreýanyň täze ilçisi Eun Kang Hyunyň şahsyýetnamasyny almak dabarasynda, Eýran bilen Günorta Koreýanyň arasynda gaty gowy gatnaşyk bardy ýöne soňky ýyllarda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy diýdi.

prezident Ruhani şeýle-de, iki ýurduň ozal söwda we bank gatnaşyklarynyň gaty gowydygyny we Günorta Koreýanyň Eýranyň köp möhüm taslamalaryna gatnaşandygyny aýtmak bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bikanun we rehimsiz sanksiýalary sebäpli iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar kynlaşdy we bu meseleler gysga wagtda çözülmelidir diýip beýan etdi.

Duşuşykda Günorta Koreýanyň Tährandaky täze ilçisi, Eýranly dostlarynyň Tähran bilen Seulyň arasyndaky gatnaşyklardan nägileligini gowy bilýändigini aýtmak bilen Häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek ugurda elimden gelenini etmek üçin ýörite tabşyrygynyň bardygyny aýtdy.

Günorta Koreýanyň Tährandaky täze ilçisi şeýle hem: Günorta Koreýa wagt ýitirmez we şertleri taýýarlaýarys we Eýran bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine taýýarlyk görýäris diýdi.