Rewolýusiýanyň ýokary lideri: Huzestanyň kynçylyklaryna üns beriň
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i12582-rewolýusiýanyň_ýokary_lideri_huzestanyň_kynçylyklaryna_üns_beriň
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri jogapkärleri Eýranyň günorta-günbataryndaky Huzestanyň meselelerini çözmäge çagyrdylar.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 22, 2021 09:40 Asia/Ashgabat
  • Rewolýusiýanyň ýokary lideri: Huzestanyň kynçylyklaryna üns beriň

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri jogapkärleri Eýranyň günorta-günbataryndaky Huzestanyň meselelerini çözmäge çagyrdylar.

Aýatolla Hameneýi Hezretleri şeýle-de, resmileriň Huzestanyň meselelerini çözmek borjy bar we kimdir biri halk hakda alada etse, Huzestanyň kyn meselelerinden rahat bolup bilmez we halkyň aladasyny etmek hökümetleriň kesgitli, derrew we hemişelik borjydyr diýip beýan etdiler.

Bu ýylky guraklyk we yssy howa, Eýranyň günorta-günbataryndaky Huzestan welaýatyny, şol sanda suw ýetmezçiligi bilen ýüzbe ýüz etdi.

Şol bir wagtyň özünde, ähli döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyň tagallasy we Karun bendiniň suwnyň akdyrylmagy bilen suw ýetmezçiligi meselesi çözülip barýar.