Eýranda iň soňky korona statistikasy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi: Soňky 24 sagadyň dowamynda 322 watandaşyň korona wirusy sebäpli ölendigini we ýurtda ölenleriň umumy sanynyň 89,122-e ýetendigini yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyklaýyş ölçeglerine laýyklykda soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda kowid-19 bilen kesellän 31,814 täze hassanyň tapylandygyny we olardan 3 müň 566-synyň keselhanalarda ýatyrylandygyny yglan etdi.
Bu hasabata görä, Eýranyň Saglygy goraýyş ministrligi näsaglaryň umumy sanynyň 3,723,246-a ýetirendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi şeýle-de şu wagta çenli 3 million 274 müň 346 hassanyň sagaldylandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny mälim etdi.
Resmi statistiki maglumatlara görä, korona wirusy dünýäde 194 milliondan gowrak adama ýokaşdy we 4 million 177 müňden gowrak adam kowid-19 keselinden öldi.