Eýranda iň soňky korona ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 303 adamyň ölendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi: Soňky 24 sagadyň dowamynda 303 watandaşyň korona wirusy sebäpli ölendigini we ýurtda ölenleriň umumy sanynyň 89,782-e ýetendigini yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyklaýyş ölçeglerine laýyklykda soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda kowid-19 bilen kesellän 33,817 täze hassanyň tapylandygyny we olardan 3 müňden gowragynyň keselhanalarda ýatyrylandygyny yglan etdi.
Bu hasabata görä, Eýranyň Saglygy goraýyş ministrligi näsaglaryň umumy sanynyň 3,792,014-a ýetirendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi şeýle-de şu wagta çenli 3 million 310 müň 163 hassanyň sagaldylandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny mälim etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda kowid 19 üçin 25 million 731 müň 940 anyklaýyş synagynyň geçirilendigini habar berdi.