Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri: Günbatara ynam edip bolmaz
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i12674-yslam_rewolýusiýasynyň_ýokary_lideri_günbatara_ynam_edip_bolmaz
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, on ikinji döwletiň soňky günlerinde Prezident we Ministrler Kabineti agzalary bilen bolan duşuşygynda: Içerki programmalary asla günbataryň hemralygyna bagly we şertli etmeli däldir sebäbi hökman şowsuz bolar diýip nygtadylar.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 28, 2021 12:17 Asia/Ashgabat
  • Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri: Günbatara ynam edip bolmaz

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, on ikinji döwletiň soňky günlerinde Prezident we Ministrler Kabineti agzalary bilen bolan duşuşygynda: Içerki programmalary asla günbataryň hemralygyna bagly we şertli etmeli däldir sebäbi hökman şowsuz bolar diýip nygtadylar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneý Hezretleri, şu gün (çarşenbe) prezidentiň we on ikinji döwletiň soňky duşuşygynda ähli musulmanlary, esasanam Eýranyň eziz halkyny Gadir baýramy bilen gutlamak bilen Halka hyzmat etmek mümkinçiligini ylahy bereket diýip hasapladylar we şeýle aýtdylar: bu bereket üçin minnetdar bolmak üçin rewolýusiýanyň maksatlaryna ýetmek üçin ähli tagallalary etmelidiris.

Hezretleri şeýle-de döwletiň işine baha berip: Jenap Ruhaniniň dňwletiniň görkezijileri dürli pudaklarda deň bolmady, käbir ýagdaýlarda garaşylşy ýaly boldy, ýöne käbir ýagdaýlarda beýle bolmady diýdiler.

Aýatolla Hameneýi Hezretleri şeýle-de 11-nji we 12-nji hökümetleriň tejribeleriniň geljekde peýdalanmagynyň zerurdygyny aýtmak bilen sözüniň üstüni ýetirdi: Bu döwürde örän möhüm tejribe, geljekki nesilleriň ulanmaly Günbatara bolan ynamsyzlygydyr, Bu hökümetde, Günbatara bolan ynamyň işlemeýändigi we kömek etmeýändigi mälim boldy, olar nirede başarsalar zarba urarlar, bir ýerde urmasa, başarmazlygy sebäpli bolýar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri prezidente we döwlet agzalaryna ýüzlenip: Günbatara zatlary taşlap, onuň we ABŞ bilen gepleşik geçiren ýeriňizde şowsuz bolduňyz we Günbatara ynanman, nirä hereket edip, olardan ýüz öwürseňiz, üstünlik gazandyňyz we öňe tarap hereket  etdiňiz diýip beýan etdiler.

Hezretleri şeýle-de, ýaňy-ýakynda Wena gepleşiklerine ünsi çekmek bilen diplomatlaryň tagallalaryndan we käbirleriniň bu gepleşiklerde gowy çykyşlaryndan kanagatlanýandygyny aýtmak bilen Amerikalylar bu gepleşiklerde özleriniň duşmançylyklarynda berk durdular, Amerikalylar söz we wadalar bilen sanksiýalary ýatyrarys diýýärler, ýöne sanksiýalary ýatyrmaýarlar we şol bir wagtyň özünde-de şert hem goýýarlar we bu şertnamada käbir meseleleriň soň ara alnyp maslahatlaşyljak sözlemi goşmaly diýýärler, ýogsam ylalaşygymyz bolmaz diýip aýtýarlar diýip nygtadylar.

Aýatolla Hameneýi Hezretleri şeýle-de olar bu hökümi çykarmak bilen, ýadro ylalaşygy, raketa we sebit meseleleri boýunça soňraky gatyşmaklary üçin bahana döretmegiň yzyndadyrlar diýmek bilen egerde Eýran bu meseläni ara alyp maslahatlaşmakdan ýüz öwürse, Eýran şertnamany bozdy diýjek bolýarlar diýdiler.

Yslam Rewolýusiýasynyň Ýokary Lideriniň çykyşyndan öň prezident Hasan Ruhani, sekiz ýyllyk döwürde hökümete goldaw berendigi üçin Ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirdi we hökümetiň hereketleri we işleri barada hasabat berdi.