Eýran Yslam Respublikasynyň prezidentliginiň on üçünji möhletiniň kasam kabul ediş dabarasy
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidentliginiň on üçünji möhletiniň kasam kabul ediş dabarasy 12-nji Mordad bilen deň gelýän 3-nji awgustda geçiriler.
EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň on üçünji möhletiniň kasam kabul ediş dabarasy 1400-nji ýylyň 12-nji Mordady bilen barabar 3-nji awgustynda Yslam Rewolýusiýasynyň Ýokary Lideriniň we bir topar resmileriň we wekilleriň gatnaşmagynda Ymam Homeýni(ra) Hezretleriniň adyndaky Huseýiniýede geçiriler.
Bu dabara saglyk görkezmelerine laýyklykda geçirilýär.
Bu programmada Eýranyň içeri işler ministri "Abdarreza Rahmani Fazli" 1400-nji ýylda geçirilen saýlawyň geçirilişi barada hasabat hödürlär we Saýlanan prezidenti tassyklaýan kararyň teksti okalany we Seýed Ybraýym Raisiniň çykyşyndan soň, Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri çykyş ederler.