Eýranda iň soňky korona ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 366 adamyň ölendigini habar berdi.
IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi: Soňky 24 sagadyň dowamynda 366 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini we ýurtda ölenleriň umumy sanynyň 90,996-a ýetendigini yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyklaýyş ölçeglerine laýyklykda soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda kowid-19 bilen kesellän 32,511 täze hassanyň tapylandygyny we olardan 2 müň 856-synyň keselhanalarda ýatyrylandygyny yglan etdi.
Bu hasabata görä, Eýranyň Saglygy goraýyş ministrligi näsaglaryň umumy sanynyň 3,903,519-e ýetirendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi şeýle-de şu wagta çenli 3 million 385 müň 195 hassanyň sagaldylandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny mälim etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda kowid 19 üçin 25 million 978 müň 632 anyklaýyş synagynyň geçirilendigini habar berdi.