Eýranda iň soňky korona statistikasy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i12828-eýranda_iň_soňky_korona_statistikasy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 458 adamyň ölendigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 06, 2021 18:19 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona statistikasy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 458 adamyň ölendigini habar berdi.

IRANPRESS habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi: Soňky 24 sagadyň dowamynda 458 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini we ýurtda ölenleriň umumy sanynyň 93,086-a ýetendigini yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyklaýyş ölçeglerine laýyklykda soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda kowid-19 bilen kesellän 34,913 täze hassanyň tapylandygyny we olardan 4 müňden gowragy keselhanalarda ýatyrylandygyny yglan etdi.

Bu hasabata görä, Eýranyň Saglygy goraýyş ministrligi näsaglaryň umumy sanynyň 4,092,671-e ýetirendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi şeýle-de şu wagta çenli 3 million 492 müň 468 hassanyň sagaldylandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny mälim etdi.