Raisi: Häzirki korona ýagdaýyň dowam etmegi kabul ederli däldir
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, häzirki korona ýagdaýyň dowam etdirilmegi kabul ederli däldir diýip aýtdy.
Tasnim habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň prezidenti "Seýed Ybraýym Raisi" şenbe güni korona garşy ştabyň ýygnagynda beren gürrüňlerinde häzirki tertip korona keseliň ýaýramagy we ondan abanýan howpuň derejesine laýyk däldir we jihady we tiz hereket gerekdyr diýdi.
Raisi sözüniň dowamynda: ýurduň ýerine ýetiriji işgärleriniň işi diňe bir maslahat bermek däl, eýsem kararlar üçin degişli ýerine ýetiriji kepillik hem göz öňünde tutulmalydyr diýdi.
Eýranyň prezidenti şeýle hem: korona bilen garşylaşmak we işjeň çemeleşmek meselesinde passiwlikden çykmalydyrys diýdi.
Raisi şeýle-de, halk güýçlerini we halk guramalary herekete getirmek üçin degişli mehanizmleriň işlenip düzülmelidigini aýtdy.