Eýranda iň soňky korona ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi: Soňky 24 sagadyň dowamynda 588 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini we ýurtda ölenleriň umumy sanynyň 94,603-e ýetendigini yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyklaýyş ölçeglerine laýyklykda soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda kowid-19 bilen kesellän 40,808 täze hassanyň tapylandygyny we olardan 5 müňden gowragy keselhanalarda ýatyrylandygyny yglan etdi.
Bu hasabata görä, Eýranyň Saglygy goraýyş ministrligi näsaglaryň umumy sanynyň 4,199,537-e ýetirendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi şeýle-de şu wagta çenli 3 million 565 müň 575 hassanyň sagaldylandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny mälim etdi.