Nikzad: Eýranyň 13-nji döwlet kabinetiniň sanawy şenbe güni yglan ediler
Aug 11, 2021 09:01 Asia/Ashgabat
Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygynyň orunbasary: Eýranyň 13-nji döwletiniň teklip edýän ministrleriniň sanawy şenbe güni Mejlisiň açyk mejlisinde yglan ediler diýip habar berdi.
IRIB habar gullugynyň habaryna görä, çarşenbe güni Eýran Yslam şura mejlisiniň başlygynyň orunbasary "Ali Nikzad" Mejlisiň başlygy bilen utgaşdyrylyşyna görä, teklip edilýän ministrleriň sanawy şenbe güni Mejlisiň açyk mejlisinde yglan ediler diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi şu wagta çenli Muhammet Mohberi birinji wise-prezident, Gholam Huseýin Ysmaýyly bolsa prezidentiň edarasynyň başlygy edip belledi.