Eýranda iň soňky korona ýagdaýy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i12900-eýranda_iň_soňky_korona_ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň boýunda kowid 19 ýokaşan 536 adamyň ölmegi bilen Eýranda bu keselden ölenleriň sany 95 647-e ýetdi diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 11, 2021 12:37 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň boýunda kowid 19 ýokaşan 536 adamyň ölmegi bilen Eýranda bu keselden ölenleriň sany 95 647-e ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyklaýyş ölçeglerine laýyklykda soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda kowid-19 bilen kesellän 42,541 täze hassanyň tapylandygyny we olardan 4 müň 865-den gowragy keselhanalarda ýatyrylandygyny yglan etdi.

Hasabata görä, Eýranyň Saglygy goraýyş ministrligi näsaglaryň umumy sanynyň 4,281,217-e ýetirendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi şeýle-de şu wagta çenli 3 million 618 müň 224 hassanyň sagaldylandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny mälim etdi.

Resmi maglumatlara görä, korona wirusy dünýäde 204 milliondan gowrak adama ýokaşdy we 4 million 328 müňden gowrak adam kowid keselinden öldi.