Eýranda iň soňky korona ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň boýunda kowid 19 ýokaşan 527 adamyň ölmegi bilen Eýranda bu keselden ölenleriň sany 96 742-e ýetdi diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyklaýyş ölçeglerine laýyklykda soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda kowid-19 bilen kesellän 39,119 täze hassanyň tapylandygyny we olardan 4 müň 707-den gowragy keselhanalarda ýatyrylandygyny yglan etdi.
Hasabata görä, Eýranyň Saglygy goraýyş ministrligi näsaglaryň umumy sanynyň 4,359,358-e ýetirendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi şeýle-de şu wagta çenli 3 million 674 müň 529 hassanyň sagaldylandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny mälim etdi.
Resmi maglumatlara görä, korona wirusy dünýäde 206 milliondan gowrak adama ýokaşdy we 4 million 349 müňden gowrak adam kowid keselinden öldi.