Raisi: 30 million doza sanjymyň satyn alnandygy tassyklandy
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Krona garşy göreş boýunça Milli ştabyň ýygnagynda 30 million dozada sanjym satyn alnandygyny tassyklady.
ISNA-nyň habaryna görä, Eýranyň prezidenti "Seýid Ebrahim Raisi" şenbe güni Milli Korona garşy Baş edaranyň mejlisinde Koronanyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin milli kesgitlemäniň we ylalaşygyň döredilmelidigini aýdyp Bu howply wirusyň ýaýramagyna gözegçilik etmek üçin ähli döwlet we hökümete degişli bolmadyk pudaklar, hakyky we kanuny şahsyýetler we ähli adamlar utgaşdyrylmaly we biragyzdan bolmalydyr diiýp nygtady.
Eýranyň prezidenti sözüniň dowamynda "Bu agzybirligi we jebisligi döretmek üçin halky, Eýranda-da, beýleki ýurtlarda-da bu meseläniň dürli ölçeglerini düşündirip, korona bilen hemmetaraplaýyn we aýgytly garşylyga taýýarlamalydyr diýip beýan etdi.
Raisi indiki zerur we möhüm ädim sanjym işini çaltlaşdyrmakdygyny aýdyp 30 million doza sanjym importynyň kesgitlenendigini yglan etdi.
ekspertler ýurtda korona epidemiýasynyň amatsyz ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin sanjymyň ýene 60 million dozasynyň berilmelidigine ynanýarlar diiýp Raisi sözüne goşdy.