Raisi: Yslam döwletiniň borjy adalaty dolandyrmakdyr
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti şu gün eden çykyşynda: Yslam döwletiniň borjy adalaty dolandyrmakdyr diýdi.
EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň prezidenti "Seýed Ybraýym Raisi" ýekşenbe güni döwletiň ykdysady utgaşdyryş merkeziniň mejlisinde Yslam hökümetiniň borjunyň adalaty dolandyrmakdygyny aýtmak bilen aýlyk haklaryny inflýasiýa uýgunlaşdyrmak zerur we diňe bir synpa degişli däl we ähli işleýän toparlaryny öz içine almalydyr diýdi.
Raisi ykdysady kararlar üçin ýurduň ykdysady ýagdaýy barada takyk bilimleriň bolmalydygyny aýdyp ýurduň ykdysady ýagdaýy bilen baglanyşykly sanlar takyk we durnukly görkezijilere esaslanmalydyr, şol sebäpli Maksatnama we Býudjet guramasy we Merkezi bank, şonuň esasynda kararlary kabul edip boljak ýurtdaky soňky ykdysady ýagdaý barada "bilim hasabatyny" taýýarlamalydyr diýdi.
Eýranyň prezidenti şeýle-de ykdysady kararlar ýurduň pul bazasyny hiç hili ýokarlandyrmaly däldir diýip nygtady.
Raisi býudjet gurluşynyň reformasyny zerur we möhüm mesele hasaplamak bilen şeýle diýdi: Býudjet gurluşyny özgertmek döwletiň möhüm ileri tutulýan ugurlaryndan we maksatnamalaryndan biridir we býudjet bolsa real we amaly bolmalydyr.
Eýranyň prezidenti şeýle-de çykdajylary azaltmak, girdejileri we maliýe düzgün-nyzamyny ýokarlandyrmak meýilnamalaryny nygtady.
Raisi sanksiýalary ýatyrmak üçin alnyp barylýan tagallalara ünsi çekip bu tagallalar bilen bir wagtyň özünde döwlet halkyň ýagdaýyna ykdysady çökgünlikler täsir etmez ýaly içerki çeşmeleri we mümkinçilikleri ulanmak üçin zerur çäreleri görer diýdi.