Hatibzadeh: Eýranyň Kabuldaky ilçihanasy we Hyratdaky baş konsullygy açyk we işjeňdyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i12984-hatibzadeh_eýranyň_kabuldaky_ilçihanasy_we_hyratdaky_baş_konsullygy_açyk_we_işjeňdyr
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: Eýranyň Kabuldaky ilçihanasynyň we Eýranyň Hyratdaky baş konsullygynyň açyk we işjeňdigini aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 17, 2021 11:00 Asia/Ashgabat
  • Hatibzadeh: Eýranyň Kabuldaky ilçihanasy we Hyratdaky baş konsullygy açyk we işjeňdyr

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: Eýranyň Kabuldaky ilçihanasynyň we Eýranyň Hyratdaky baş konsullygynyň açyk we işjeňdigini aýtdy.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Said Hatibazadeh" şu gün (sişenbe) Eýran Yslam Respublikasynyň Kabuldaky ilçihanasynyň we Hyratdaky Eýranyň Baş konsullygynyň açykdygy barada beren gürrüňlerinde Kabuldaky ilçihana hem-de Hyratdaky Baş konsullyk açyk we işjeňdyr diýdi.

Ondan öň Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Owganystandaky zorlugyň möwjemeginden alada galýandygyny aýtmak bilen Talybanyň Hyratdaky diplomatlaryň we diplomatik desgalaryň howpsuzlygy we amanlygy meselesine üns bermegini nygtady.