Eýranda iň soňky korona ýagdaýy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i12988-eýranda_iň_soňky_korona_ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi korona wirusy sebäpli ýurtda 625 adamyň ölendigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 17, 2021 11:33 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi korona wirusy sebäpli ýurtda 625 adamyň ölendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň boýunda kowid 19 ýokaşan 625 adamyň ölmegi bilen Eýranda bu keselden ölenleriň sany 99,108-e ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyklaýyş ölçeglerine laýyklykda soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda kowid-19 bilen kesellän 50,228 täze hassanyň tapylandygyny yglan etdi.

Hasabata görä, Eýranyň Saglygy goraýyş ministrligi näsaglaryň umumy sanynyň 4,517,243-e ýetirendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi şeýle-de şu wagta çenli 3 million 786 müň 488 hassanyň sagaldylandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny mälim etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 27 million 380 müň 677 “kowid-19” anyklaýyş synagynyň geçirilendigini habar berdi.

Saglygy goraýyş ministrliginiň habaryna görä, geçen bir gije-gündiziň boýunda 645,000-den gowrak adama korona sanjymynyň sanjylmagy bilen Eýrana sanjymlaryň umumy mukdary 20 million dozadan geçendir.