Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň hasabatyna Eýranyň beren gaýtawuly
Aug 18, 2021 07:54 Asia/Ashgabat
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary sişenbe güni gije Eýranyň ýadro ylalaşygy bilen baglanyşykly borçlaryny azaltmak we öwezini dolmak çäreleriniň şu şertnamanyň çäginde görülendigini aýdyp Waşington we beýleki taraplar ýadro ylalaşygyň borçnamalaryna gaýdyp gelseler, Eýran hem bu ýoldan gaýdyp geler diýip yglan etdi.
IRNA-nyň habaryna görä, "Said Hatibzadeh" Halkara Atom Energiýasy Guramasy tarapyndan çap edilen soňky hasabat barada Eýran Yslam Respublikasynyň ähli ýadro maksatnamalary we hereketleri NPT we Eýranyň gorag astyndaky borçnamalaryna doly laýyk gelýär we Agentligiň gözegçiligi astynda we öňünden duýduryş bilen amala aşyryldy diýdi.