Eýranda iň soňky korona ýagdaýy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i13050-eýranda_iň_soňky_korona_ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi korona wirusy sebäpli ýurtda 544 adamyň ölendigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 21, 2021 11:13 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi korona wirusy sebäpli ýurtda 544 adamyň ölendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň boýunda kowid 19 ýokaşan 544 adamyň ölmegi bilen Eýranda bu keselden ölenleriň sany 101,354-e ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyklaýyş ölçeglerine laýyklykda soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda kowid-19 bilen kesellän 24,179 täze hassanyň tapylandygyny yglan etdi.

Hasabata görä, Eýranyň Saglygy goraýyş ministrligi näsaglaryň umumy sanynyň 4,640,695-e ýetirendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi şeýle-de şu wagta çenli 3 million 902 müň 808 hassanyň sagaldylandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny mälim etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 27 million 755 müň 618 “kowid-19” anyklaýyş synagynyň geçirilendigini habar berdi.

Saglygy goraýyş ministrligi korona sanjymynyň ilkinji dozasyny 16 million 476 müň 257 adamyň alandygyny we ikinji dozany 5 million 531 müň 257 adamyň alandygyny we Eýranda sanjymlaryň umumy sany 22 million 7 müň 514 dozada ýetendigini habar berdi.