Eýranyň prezidenti, döwletiň ykdysady toparynyň utgaşdyrylmagyna ünsi çekdi
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, 13-nji Ministrler Kabinetiniň teklip edilýän ministrlerini gözden geçirmek üçin geçirilen ýygnakda döwletiň ykdysady toparynyň esasanam halkyň ýaşaýyş meselelerini çözmekde utgaşdyrylmagyna ünsi çekdi.
Eýranyň prezidenti Seýed Ybraýym Raisi şu gün, şenbe güni, Yslam şura mejlisinde 13-nji ministrler kabinetine teklip edilýän ministrlerini gözden geçirmek üçin geçirilen ýygnakda beren gürrüňlerinde her kimiň jogapkärçiligi bar we jogapkärçilik çekmelidir diýdi.
Eýranyň prezidenti sözüniň dowamynda: Ykdysadyýet ministri, Merkezi bank, Maksatnama we býudjet guramasy we Jihadyň Oba hojalygy ministrlikleri jogapkär we kanun, mejlis we prezidentiň öňünde jogapkärçilik çekmelidirler diýdi.
Şeýle hem Raisi döwletiň ähli adamlaryň saçaklary barada jogapkärdigini aýtmak bilen munuň üçin prezident, prezidentiň birinji orunbasary we her bölümiň ministrleri we işgärleri jogapkärdirler diýip beýan etdi.
Raisi sözüni dowam etdirip: Ministrleriň her biri bilermen we öz işinde kanuny ygtyýarlydyr emma işler hyzmatdaşlyk we utgaşyklyk bilen amala aşar diýdi.
Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň açyk mejlisi şu gün, şenbe güni, Mejlisiň başlygy Muhammet Bager Galibafyň ýolbaşçylygynda we köp sanly deputatyň gatnaşmagynda 13-nji döwletiň tarapyndan teklip edilen ministrleriň laýyklylygyny gözden geçirmek üçin başlandy.
Bu mejlise Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýed Ybraýym Raisi hem gatnaşýar.
13-nji döwletiň ministrler kabineti bilen ylalaşýanlar we garşylar mejlisde çykyş edip teklip edilen ministrler barada öz garaýyşlaryny beýan etdiler.