Şahriari: Sanjym, korona keseliniň ýokaşmagynyň öňüni almagynyň ýeke-täk usulydyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i13074-Şahriari_sanjym_korona_keseliniň_ýokaşmagynyň_öňüni_almagynyň_ýeke_täk_usulydyr
Eýranyň parlamentiniň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim komissiýasynyň başlygy Korona keseliniň ýaýramagynyň öňüni almagyň ýeke-täk ýoly, Eýranyň ilatynyň azyndan 70% -ine sanjym etmekdir diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 22, 2021 05:51 Asia/Ashgabat
  • Şahriari: Sanjym, korona keseliniň ýokaşmagynyň öňüni almagynyň ýeke-täk usulydyr

Eýranyň parlamentiniň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim komissiýasynyň başlygy Korona keseliniň ýaýramagynyň öňüni almagyň ýeke-täk ýoly, Eýranyň ilatynyň azyndan 70% -ine sanjym etmekdir diýdi.

Eýran parlamentiniň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim komissiýasynyň başlygy "Huseýin Ali Şahriari", EranPress habar gullugyna beren interwýusynda korona geçiş zynjyryny kesmek üçin sanjymyň möhümdigini aýtmak bilen döwletden iki aýyň içinde azyndan 120 million doza korona sanjymyny import etmegi haýyş edildi diýdi.

Şahriari täze korona tolkunyna gözegçilik etmek üçin parlamentiň 20 teklibine salgylanyp, Korona wirusynyň güýçlenmegi we üýtgemegi bilen korona ylmy komitetiniň meýilnamalaryna täzeden seredilmeli, sebäbi korona kesellerini bejermek üçin käbir dermanlaryň ulanylyşy barada dürli pikirler bardyr diýip sözlerine goşdy

Şahriari şeýle-de korona bilen baglanyşykly çynlakaý meseleleriň biri saglyk teswirnamalaryna eýermezlikdir diýdi.