Hatibzadeh: Owganystandaky ýagdaý ABŞ-nyň ygtybarsyzlygynyň alamaty
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary şu gün Owganystanda bolup geçýän wakalar Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň nirede bolsa-da, diňe öz bähbitleri bilen gyzyklanýandygyny subut edýär diýdi.
Said Hatibzadeh şu gün (duşenbe) hepdelik metbugat ýygnagynda EýranPressiň habarçysynyň Owganystandaky häzirki ýagdaý baradaky soragyna jogap edip, şu günler Owganystanda şaýatlyk edýän zatlarymyz olda Howpsuzlygyny Amerika bilen baglanyşdyrýanlar üçin ajaýyp sapagyň bolmagydyr diýdi.
Ol sözüniň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary diňe öz bähbitlerine seredýändigini, hatda ýaranlaryna-da garamaýandygyny subut etdi diýdi. ABŞ-nyň Owganystandaky bolmagy ýitgilerden, zyýanlardan we garyplykdan başga netijesi bolan däldir we ahyrynda gaty gorkup we elhenç suratda bu ýurtdan gitdi.
Hatibzadeh, Eýranyň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek üçin işleýändigini we mundan beýläk hem dowam etjekdigini, we goňşularymyzyň hem bu maksada ýetmegimize kömek edýändiklerini aýtdy.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: Adam hukuklaryny öňe sürýänler Owganystandaky hemmeleri gynandyrýan agyr wakalar barada dymýarlar diýdi.
Hatibzadeh sözleriniň dowamynda şeýle-de Amerikanyň Birleşen Ştatlary ýalan sözleýär we hereketleri üçin gowşak bahana berýär, Owganystanda bolup geçen wakalar Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýykylmagynyň çaltlaşandygyny subut edýär diýdi.
Hatibzadeh "Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny halkara kanunlaryna hormat goýmaga çagyrýarys" -diýdi.