Raisi Awstriýanyň kansleri bilen maslahatlaşdy
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Awstriýanyň kansleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Iki ýurduň arasyndaky 500 ýyllyk dostlukly gatnaşyklar, gatnaşyklaryň geljegi üçin gymmatly baýlykdyr diýdi.
Prezidentiň maglumat bazasynyň beren habaryna görä, Eýranyň prezidenti Seýed Ybraýym Raisi duşenbe güni Awstriýanyň kansleri Sebastian Kurtz bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ykdysady gatnaşyklaryň islegine we peýdasyna garamazdan iki ýurduň arasyndaky söwdanyň azalmagynyň rasional esasynyň ýokdugyny aýdyp iki ýurduň bähbitlerini goramaly we erbet niýetli adamlara bu gatnaşyklara dürli hileler bilen täsir etmegine ýol bermeli däldiris diýdi.
Raisi sözüni dowam etdirip: Owganystanyň häzirki taryhyna seretsek, Amerikalylaryň bu ýurduň işlerine goşulyp başlandan bäri Owganystan gowy güni gören däldir diýip beýan etdi.
Eýranyň prezidenti şeýle hem: "Biz Owganystandaky dürli akymlaryň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň yza çekilmegini öwrülişik nokady we halk üçin kabul ederlikli dolandyryş modelini gazanmak üçin biri-biri bilen özara gatnaşykda hasaplamalydygyna ynanýarys" -diýdi.
Raisi şeýle-de zulumly sanksiýalara garamazdan Eýranyň owgan bosgunlarynyň ähli maddy we ruhy çykdajylaryny öz üstüne alandygyna yşarat edip Eýranyň Owganystanda parahatçylygy we howpsuzlygy ýola goýmak ugrundaky tagallalary yzygiderli dowam edýär we Owganystandaky parahatçylygyň we durnuklylygyň jogapkärçiligini duýýan ähli hökümetler bilen işleşmäge taýýardyrys diýdi.
Raisi korona wirusynyň üýtgän hiliniň ýaýramagyna ünsi çekip, şeýle diýdi: Awstriýa bilen korona sanjymy pudagyndaky hyzmatdaşlygy goldaýarys we bilelikdäki sanjym gözlegleriniň üstünde işlemäge taýýardyrys.
Awstriýanyň kansleri bu telefon söhbetdeşliginde Eýran bilen dürli ugurlarda dostlukly we konstruktiw ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dowam etmegine we giňelmegine umyt baglaýandygyny aýtmak bilen Eýranyň täze döwletiniň, bu ýurduň halky üçin ykdysady we sosial abadançylygy döretmekde has üstünlikli bolar diýip umyt edýäris diýdi.
Awstriýanyň kansleri Owganystandaky soňky wakalara alada bildirmek bilen owgan immigrantlaryny gowy garşy almaklary babatly Eýranyň döwletine we halkyna çyn ýürekden myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Kurtz bu gepleşikleriň dowam etdirilmegine umyt bildirmek bilen Raisie Tährana gitmäge çagyrandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.