Eýranda iň soňky korona statistikasy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 665 adamyň ölendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň boýunda kowid 19 ýokaşan 665 adamyň ölmegi bilen Eýranda bu keselden ölenleriň sany 104,022-e ýetdi diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyklaýyş ölçeglerine laýyklykda soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda kowid-19 bilen kesellän 39,983 täze hassanyň tapylandygyny yglan etdi.
Hasabata görä, Eýranyň Saglygy goraýyş ministrligi näsaglaryň umumy sanynyň 4,796,871-e ýetirendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi şeýle-de şu wagta çenli 4 million 20 müň 844 hassanyň sagaldylandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny mälim etdi.
Resmi maglumatlara görä, korona wirusy şu wagta çenli dünýäde 214 milliondan gowrak adama ýokaşdy we 4 million 467 müňden gowrak adam kowid-19 keseli sebäpli öldi.