Eýranda iň soňky korona ýagdaýy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i13128-eýranda_iň_soňky_korona_ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi korona wirusy sebäpli ýurtda 571 adamyň ölendigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 27, 2021 11:11 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi korona wirusy sebäpli ýurtda 571 adamyň ölendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň boýunda kowid 19 ýokaşan 571 adamyň ölmegi bilen Eýranda bu keselden ölenleriň sany 105,287-e ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyklaýyş ölçeglerine laýyklykda soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda kowid-19 bilen kesellän 36,279 täze hassanyň tapylandygyny we olardan 4 müň 799-synyň hassahanalarda ýatyrylandygyny yglan etdi.

Hasabata görä, Eýranyň Saglygy goraýyş ministrligi näsaglaryň umumy sanynyň 4,869,414-e ýetirendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi şeýle-de şu wagta çenli 4 million 84 müň 991 hassanyň sagaldylandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny mälim etdi.

Resmi statistikalara görä, korona wirusy dünýäde 215 milliondan gowrak adama ýokaşdy we 4 million 490 müňden gowrak adam kowid 19 keselinden öldi.