Amir Abdullahian: Eýran Yragyň howpsuzlygyny, garaşsyzlygyny we territorial bitewiligini goldaýar
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Tehranyň Yragyň howpsuzlygyny, garaşsyzlygyny we territorial bitewiligini goldaýandygyny aýtdy.
IRNA-nyň habaryna görä, Huseýn Amir Abdullahian şenbe güni Yrak boýunça sebitleýin goldaw ýygnagynda durmuşky ýagdaýda täze Yrak, gaýtadan guurlmagy we sebitleýin gatnaşklaryny gowulaşdyrmagyny talap edýär diýdi.
Sebit ýurtlarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu duşuşyk, Yrak Respublikasynyň sebit ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk we özara gatnaşyklar üçin ugurlar döretmek ugrundaky tagallalaryny tassyklaýar we bu duşuşyklar arkaly gülläp ösýän, ösen we erkin sebitleri durmuşa geçirip bileris diýip umyt edýärin diýip Huseýn Amir Abdullahian sözüne goşdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Eýran, Yrak hökümetine we halkyna we içerki meseleler, şol sanda daşary ýurt goşunlarynyň yza çekilmegi we irki saýlawlaryň geçirilmegi baradaky kararlaryny goldaýandygyny mälim etdi we ýurduň gepleşik medeniýetini ösdürmekde döredijilikli roluny gaýtalady we sebitleýin hyzmatdaşlygy we sebitdäki hyzmatdaşlygy bu ýolda durnuklylygy we parahatçylygy gazanmak üçin esas hasaplaýarys diýdi.
ol şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň sebitdäki ýurtlaryň möhüm ornuna üns, berýändigini we bu maksatlara ýetmäge taýýardygyny mälim etdi.