"Yslami" Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy boldy
Aug 29, 2021 11:17 Asia/Ashgabat
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň buýrugy bilen; "Muhammet Yslami" Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy boldy.
Habarçymyzyň beren habaryna görä, Eýranyň prezidenti Seýed Ybraýym Raisiniň buýrugy bilen Muhammet Yslami şu gün, ýekşenbe güni Atom energiýasy guramasynyň başlygy wezipesine bellendi.
Muhammet Yslami on ikinji döwletiň ýollar we şäher gurluşygy ministri bolup işledi.
"Yslami", Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň häzirki başlygy "Ali Akbar Salehi" -iň ornuny tutar.