Raisi Gyrgyzystanyň milli gününi gutlady
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti öz ýüzlenmesinde Gyrgyzystanyň hökümetini we halkyny Milli güni bilen gutlady.
Prezidentiň maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýed Ybraýym Raisi Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparowa iberen ýüzlenmesinde ony Milli gün mynasybetli gutlady we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ykdysady, syýasy we medeni ugurlarda köp ösmegine umyt bildirdi.
Raisiň bu sargydynda iki ýurduň hökümetleriniň päsgelçilikleri aýyrmak we bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanmak baradaky tagallalary gatnaşyklary ösdürmek we halklarymyz üçin has abadançylyk üpjün etmek üçin amaly çözgütleri ulanmakda uly ädim bolup biler diýilip aýdylýar.