Amir Abdullahian: Wena gepleşiklerinde eýran halky üçin görnükli üstünlik bolmalydyr
Eýranyň Daşary işler ministri: 13-nji döwlet islendik Wena gepleşikleriniň eýran halky üçin görnükli üstünlik gazanmalydygyna ynanýar we hiç kim wagt ýitirilmegini kabul etmeýär diýdi.
Hosseýn Amir Abdullahian duşenbe güni agşam Eýranyň ikinji tele kanalynyň habarlar gepleşiginde beren gürrüňlerinde: Eýran Yslam Respublikasynyň mejlisi we döwleti gepleşiklerde eýran halkynyň iň ýokary hukuklaryny gözleýär we Wena gepleşiklerinde garşydaş taraplarymyzyň akyl we logika esasynda gepleşik geçirjekdigine umyt edýäris diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministri şeýle-de EUB-niň baş gepleşikçisi Enrike Mora bilen kasam kabul ediş dabarasynda bolan duşuşygynda Amerikalylaryň ilkinji ýalňyşlygynyň, eýran halkyna garşy edebiýata haýbat atmagyň ulanylmaly däldigini we Eýran halkyna mylakatly çemeleşmelidigini aýtdym diýdi.
Amir Abdullahian, gepleşikleriň Eýran halky üçin görnükli üstünlik gazanmalydygyny aýtmak bilen gepleşik diplomatiýanyň gurallaryndan biridir we beýleki tarapyň wagt ýitirmezligine garaşýarys, sebäbi hiç kim muny kabul etmeýär diýip beýan etdi.