Amir Abdullahian: Biz Eýran bilen Yragyň arasyndaky wizalaryň ýatyrylmagyny isleýäris
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri: Biz Eýran Yslam Respublikasy bilen Yragyň arasyndaky wizalaryň ýatyrylmagyny isleýäris diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdullahian, Bagdada eden sapary wagtynda Yragyň premýer-ministri Mustafa Al-Kazemi bilen geçiren gepleşiklerine ünsi çekip: Bu gepleşiklerde Eýran bilen Yragyň arasynda wizadan ýüz öwürmek meselesini işletmek kararyna gelindi diýdi.
Amir Abdullahian sözüniň dowamynda Yrak bilen alyp barýan wizalarymyzdan ýüz öwürmek meselesi diňe bir Arbain üçin däl-de eýsem, bu çäkden aşadyr diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministri şeýle hem Eýran halkynyň, öňki ýyllardaky ýaly Arbaein dabarasy üçin Yraga millionlarça bolup sapar etmegi mümkin däl diýdi.