Eýranyň prezidenti goňşy ýurtlar bilen alyş-çalyşlaryň artmagyna ünsi çekdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i13206-eýranyň_prezidenti_goňşy_ýurtlar_bilen_alyş_çalyşlaryň_artmagyna_ünsi_çekdi
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti goňşy ýurtlar bilen alyş-çalyşlaryň artmagyna ünsi çekdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 01, 2021 17:01 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň prezidenti goňşy ýurtlar bilen alyş-çalyşlaryň artmagyna ünsi çekdi

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti goňşy ýurtlar bilen alyş-çalyşlaryň artmagyna ünsi çekdi.

Şu gün, çarşenbe güni, Eýranyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi 13-nji hökümetiň ileri tutýan ugurlarynyň biri hökmünde özara gatnaşyklaryň derejesini ýokarlandyrmak we goňşy ýurtlar bilen alyş-çalyş gatnaşyklaryny ýokarlandyrmak barada aýtdy.

Eýranyň prezidenti sözüniň dowamynda "Iň işjeň hökümet diplomatiýasy goňşular bilen alnyp barylmaly we goňşular bilen söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli tagallalary etmeli, sebäbi bu gatnaşyklary berkitmek we Eýranyň sebit alyş-çalyş paýyny artdyrmak üçin gowy esaslar bar " diýdi.

Raisi Owganystandaky soňky wakalara ünsi çekip, soňky iki onýyllykda Owganystanda bolup geçen wakalary häzirki döwürde adam hukuklarynyň aç-açan bozulmagynyň aýdyň mysaly hökmünde häsiýetlendirdi.