Raisi: Önümçilik we iş döretmek welaýat saparlarynyň maksatlaryndan biridir
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Çabahar, Sistan we Bulujystan welaýatyna (Eýranyň günorta-gündogary) eden saparynda: Önümçilik we iş döretmek welaýat saparlarynyň maksatlaryndan biridir diýdi.
EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň prezidenti "Seýed Ybraýym Raisi" şu gün, penşenbe güni Çabahara barandan soň beren gürrüňlerinde bu döwletde, ýaşlaryň we halkyň hyzmatdaşlygy bilen Sistan we Bulujystan welaýatynyň meselelerini çözmek üçin täsirli çäreleri görüp bileris diýip umyt edýäris diýdi.
Raisi sözüniň dowamynda welaýatlara sapar etmek 13-nji döwletiň meýilnamalarynyň biridir we ondan maksat halkyň problemalary we meseleleri bilen tanyşmak we önümçiligi ýokarlandyrmak, iş üpjünçiligi döretmek we halkyň meselelerini çözmek üçin täsirli ykdysady mümkinçilikleri ykrar etmek diýip nygtady.
Eýranyň prezidenti şeýle hem: Ynkylapdan soň Sistan we Bulujystan welaýatynda köp işler edildi, ýöne ýeterlik däldir diýdi.
Raisi şeýle-de Sistan we Bulujystan welaýaty ýurduň iň möhüm welaýatlaryndan biridir diýip beýan etdi.
Şu gün Eýranyň prezidenti ikinji welaýat sapary bilen Sistan we Bulujystan welaýatynyň Çabahar portuna bardy.