Hatibzadeh: ABŞ-nyň häzirki resmileri öňki administrasiýanyň şowsyz ýolunyň yzyndan gidýärler
(last modified Sat, 04 Sep 2021 16:24:03 GMT )
Sep 04, 2021 21:24 Asia/Ashgabat
  • Hatibzadeh: ABŞ-nyň häzirki resmileri öňki administrasiýanyň şowsyz ýolunyň yzyndan gidýärler

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, Ak tamyň Eýrana garşy sanksiýalaryna jogap edip: ABŞ-nyň häzirki resmileri öňki administrasiýanyň yzyndan gidýärler diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Said Hatibzadeh" ABŞ-nyň Gazna ministrliginiň dört sany eýran raýatyny galp aýyplamalar bilen ABŞ-nyň sanksiýalar sanawyna girizmek baradaky ädiminiň jogabynda ABŞ-nyň häzirki resmileri öňki administrasiýanyň şowsyz uguryny yzyarlaýandyrlar diýdi.

Hatibzadeh sözüniň dowamynda ABŞ-da sanksiýalary goldaýanlar, Eýranyň iň ýokary garşylygy sebäpli sanksiýalar gurallarynyň boşdugyny gördüler we bu gezek Holliwudyň senarilerine ýüz tutup, sanksiýalar atmosferasyndan alnan durmuşy dowam etdirmäge synanyşýarlar diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary şeýle-de Waşington sanksiýa endiklerinden ýüz öwürmek, dogry edebiýaty ulanmak we Tährana hormat goýmakdan başga alajynyň ýokdugyny bilmelidir diýdi.

ABŞ-nyň Gazna ministrligi esassyz aýyplamalar esasynda "eýran-amerikan aktiwistini alyp gaçmak synanyşygy" bahanasy bilen dört eýranlyny sanksiýalar sanawyna goşdy.