Aýatolla Ra'isi: Eýran netijelere gönükdirilen gepleşikleri yzarlaýar
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, şenbe güni agşam beýik Eýran halky bilen göni ýaýlymda beren ilkinji söhbetdeşliginde Eýran Yslam Respublikasynyň goňşularynyň howpsuzlygyny öz howpsuzlygy hasaplaýandygyny aýtdy.
ol şeýle-de Şu wagta çenli dürli ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen 50-den gowrak duşuşyk we aragatnaşyk geçirdi we bu gepleşiklerde ýurtlar bilen gatnaşyklara üns berildi diýip sözüne goşdy.
Teleýaýlymda geçirilen bu söhbetdeşlikde Aýatolla "Seýid Ybraýym Raisi" Owganystandaky soňky wakalar barada durup geçdi we: "Owganystanyň çözgüdi, halkyň sesi we bu ýurtdaky halkyň islegi bilen hökümet gurmakdyr" diýip nygtady.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Eýranyň hemişe parahatçylygy, asudalygy, owgan halkynyň islegini gözleýändigini we bu ýurtda halkyň ses bermegine esaslanýan hökümetiň Eýran bilen gowy gatnaşykda bolup biljekdigini aýtdy.
Ýadro gepleşikleri barada Aýatolla Ra'isi: "Gepleşik diplomatiýanyň guraly we Eýran ondan ýüz öwürmeýär, emma Günbatar we ABŞ basyş bilen gepleşik gözleýär" -diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Eýrana basyş etmegiň hiç haçan netije bermändigini we Günbataryň muny ençeme gezek başdan geçirendigini belläp, basyş we howplar bilen gepleşikleriň kabul edilip bilinmejekdigini aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti hem Eýranyň durnuklylygy we ykdysady howpsuzlygy barada durup geçdi we: "Häzirki wagtda şertler Eýrana maýa goýmak üçin taýýar" diýdi.