Hatibzadeh: Eýran Owganystanyň halkynyň ýanynda durandyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i13296-hatibzadeh_eýran_owganystanyň_halkynyň_ýanynda_durandyr
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Eýran Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy ýola goýmak üçin Owganystanyň halkynyň ýanynda durandyr we ýanynda durjakdyr diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 06, 2021 11:59 Asia/Ashgabat
  • Hatibzadeh: Eýran Owganystanyň halkynyň ýanynda durandyr

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Eýran Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy ýola goýmak üçin Owganystanyň halkynyň ýanynda durandyr we ýanynda durjakdyr diýdi.

"Said Hatibzadeh" duşenbe güni hepdelik metbugat ýygnagynda EýranPress habarlar gullugynyň habarçysynyň beren soragynyň jogabynda goňşy ýurtlaryň Daşary işler ministrlikleriniň Owganystan işleri boýunça ýörite wekilleriniň we daşary işler ministrleriniň Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdullahian bilen habarlaşandygyny we öz pikirlerini we garaýyşlaryny mälim edendigini aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, Eýranyň Owganystanyň çarçuwasyna we erkine esaslanyp Owganystanda howpsuzlyk döretmäge kömek edýändigini aýtdy.

Hatibzadeh, Panjşiriň Talyban tarapyndan basyp alynmagyna yşarat edip Panjşiriň habary gaty aladalydyr. Öten agşamky hüjümler berk ýazgarylýar we Owganystanyň ýolbaşçylarynyň şehit bolmagy gynandyryjydyr. Daşarky gatnaşyga seredilýär. Hemmeler Owganystanyň taryhynyň daşary ýurt gatyşmagynyň şowsuzlykdan başga netijäniň ýokdugyny görkezendigini bilmelidir diýdi.

Ol Owganystanyň halkyny örän yhlasly we garaşsyz isleýji diýip häsiýetlendirmek bilen şeýle diýdi: Daşary ýurt gatyşmagy ýazgarylýar. Panjşiriň kynçylyklary syýasat, gepleşik we araçylyk arkaly çözülmeli. Hiç kim bu ýoluň dogan öldürmeklige baryp çatmagyna rugsat bermeli däldir. "Talyban" öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirmeli. Panjşiriň gabawy barada, elektrik togunyň kesilmegi, halkyň açlygy barada we halkara hukugyna ters gelýä habarlaryň eşdilýändigini aýtdy.