Eýranda iň soňky korona ýagdaýy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i13298-eýranda_iň_soňky_korona_ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi korona wirusy sebäpli ýurtda 583 adamyň ölendigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 06, 2021 12:04 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi korona wirusy sebäpli ýurtda 583 adamyň ölendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň boýunda kowid 19 ýokaşan 583 adamyň ölmegi bilen Eýranda bu keselden ölenleriň sany 1110,257-e ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyklaýyş ölçeglerine laýyklykda soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda kowid-19 bilen kesellän 27,579 täze hassanyň tapylandygyny yglan etdi.

Hasabata görä, Eýranyň Saglygy goraýyş ministrligi näsaglaryň umumy sanynyň 5,156,986-e ýetirendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi şeýle-de şu wagta çenli 4 million 394 müň 83 hassanyň sagaldylandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny mälim etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 29 million 568 müň 864 “kowid-19” anyklaýyş synagynyň geçirilendigini habar berdi.