Eýranyň parlamrnti 13-nji döwletiň işjeň diplomatiýasyny goldaýar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i13302-eýranyň_parlamrnti_13_nji_döwletiň_işjeň_diplomatiýasyny_goldaýar
Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň milli howpsuzlyk we we daşary syýasat komissiýasynyň agzasy Mejlis 13-nji döwletiň işjeň diplomatiýasyny goldaýar diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 06, 2021 14:59 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň parlamrnti 13-nji döwletiň işjeň diplomatiýasyny goldaýar

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň milli howpsuzlyk we we daşary syýasat komissiýasynyň agzasy Mejlis 13-nji döwletiň işjeň diplomatiýasyny goldaýar diýdi.

Duşenbe güni IRNA bilen geçirilen söhbetdeşlikde Abbas Golro 13-nji döwletiniň ýadro şertnamasy meselesine bolan çemeleşmesine ýokary baha bermek bilen şeýle diýdi: Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýed Ybraýym Raisi işjeň diplomatiýany ileri sürüp, ýadro gepleşiklerini garşy alyp, uzak, häsiýetsiz we netijesiz gepleşikleriň bolmazlygy üçin akylly hereket etdi diýdi.

Golro sözüniň dowamynda parlament hem bu işjeň we dogry diplomatiýany goldaýar diýdi.

Mejlisiň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň agzasy şeýle-de Eýran Yslam Respublikasy öz borçlaryny ilkibaşdan bäri ýerine ýetirip gelýändigine, emma beýleki tarap Amerikanyň Birleşen Ştatlary köptaraplaýyn halkara şertnamasyny bozup ýadro şertnamasyndan çykandygyny aýtdy.

Golro Ýewropayň günäsi ABŞ-dan az däl sebäbi olar ýadro şertnamasyny terk etmediler we öz borjunda durandyklaryny tosladylarr, ýöne ýadro ylalaşygy esasynda borçlaryny ýerine ýetirmediler diýdi.

Mejlisiň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň agzasy: Şu gün ABŞ we Ýewropa Eýranyň öňünde jogapkärçilik çekmeli we borçlaryny ýerine ýetirmelidirler diýip yglan etdi.