Eýranda iň soňky korona statistikasy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 487 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.
Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şu gün, ýekşenbe güni, soňky 24 sagadyň dowamynda 487 sany kowid-19 hassasynyň ölendigini, ölenleriň sanynyň 114,311-e ýetendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyklaýyş ölçeglerine laýyklykda soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda kowid-19 bilen kesellän 20,219 täze hassanyň tapylandygyny we olardan 3 müňden gowragynyň hassahanalarda ýatyrlandygyny yglan etdi.
Hasabata görä, Eýranyň Saglygy goraýyş ministrligi näsaglaryň umumy sanynyň 5,295,786-a ýetirendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi şeýle-de şu wagta çenli 4 million 560 müňden gowrak hassanyň sagaldylandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny mälim etdi.
Bu habara görä, geçen 24 sagatda 1,120.067 dozada korona sanjymy sanjylandyr.