Raisiň Yragyň premýer-ministrini resmi garşy almagy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i13392-raisiň_yragyň_premýer_ministrini_resmi_garşy_almagy
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Yragyň premýer-ministrini resmi taýdan garşy aldy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 12, 2021 12:52 Asia/Ashgabat
  • Raisiň Yragyň premýer-ministrini resmi garşy almagy

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Yragyň premýer-ministrini resmi taýdan garşy aldy.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýed Ybraýym Raisi ýekşenbe güni Tähranda Yragyň premýer-ministri Mustafa al-Kazemini resmi taýdan garşy aldy.

Resmi garşylaýyş dabarasyndan basym soň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen Yragyň premýer-ministriniň arasyndaky ikitaraplaýyn gepleşikler başlandy.

Eýranyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi ýekşenbe güni Yragyň premýer-ministri Mustafa al-Kazemi bilen duşuşandan soň geçirilen metbugat ýygnagynda: Eýran bilen dost we dogan Yragyň arasyndaky gatnaşyklar syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda gaty gowy, ýöne hasam ösdürilip bilner diýdi.

Eýranyň prezidenti, Eýranyň we Yragyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek isleginiň bardygyny aýtmak bilen Yragyň premýer-ministri Arbaen dabarasyna gatnaşýan eýranly zyýaratçylaryň sanyny artdyrmagy wada berendigini aýtdy.

Raisi şeýle-de Iki ýurduň arasynda wizalaryň ýatyrylmagy Yragyň premýer-ministriniň beren gowy habarydyr diýdi.

Eýranyň prezidenti, Eýran bilen Yragyň arasyndaky gatnaşyklaryň diňe iki ýurtda gutarmaýandygyny aýdyp, iki ýurduň sebitdäki roly, dünýä we halkara gatnaşyklara hem täsirli bolup biler diýdi.

Raisi şeýle-de Eýranyň we Yragyň islegi, demir ýol geçelgesini we Şalamçehiň Basra bilen baglanyşygyny ösdürmekdir diýmek bilen, bu işiň Yragyň premýer-ministriniň buýrugy bilen çalt ýerine ýetiriljekdigini aýtdy.

Yragyň premýer-ministri bu metbugat ýygnagynda: Eýran Yslam Respublikasyna DAEŞ-e garşy göreşde kömek edeni üçin sag bolsun aýdýaryn diýdi.

Al-Kadhimi sözüniň  dowamynda Yrak hökümetiniň we halkynyň ähli kynçylyklarda, meselelerde we dürli ýagdaýlarda Eýran halky we hökümeti bilen boljakdygyny we goldaw berjekdigini aýtdy.

Yragyň premýer-ministri: Yrak bilen Eýranyň arasynda 1400 kilometr araçäk bar, şolardan Yragyň has köp serişdesi bar diýdi.