IAEA bilen Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň bilelikdäki beýannamasy
Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy we Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiri tarapyndan bilelikde beýannama berildi.
Eýranyň Atom energiýasy guramasynyň jemgyýetçilik gatnaşyklar gullugynyň beren habaryna görä, Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiri Rafael Grosi bilen Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy Muhammet Eslamiň duşuşygyndan soň iki tarap şu gün bilelikde beýannama berip, Eýran bilen IAEA-nyň arasynda dürli ýadro ugurlardaky tehniki hyzmatdaşlygyň giňelmegine ünsi çekdiler.
Beýanatda hyzmatdaşlygyň we birek-birege ynamyň we onuň dowam etmeginiň ähmiýeti, şeýle hem aramyzdaky meseleleri we kynçylyklary peýdaly we diňe tehniki gurşawda çözmegiň zerurlygy gaýtadan nygtaldy.
Iki tarapyň arasyndaky bar bolan özara gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň çäginde iki tarap hem degişli derejelerde ikitaraplaýyn ýygnaklary dowam etdirmek kararyna geldiler.
Mundan ozal Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy, Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň Baş müdiri bilen bolan duşuşygynda diňe tehniki meseleler ara alnyp maslahatlaşylandygyny we syýasy meseleler barada gürrüň edilmändigini aýdypdy.