Gasemi: Saad haririň wezipesinden kenara çekilmegi täze ssenariýdir
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Liwanyň premýer ministri Saad haririň wezipesinden kenara çekilmegini bu ýurtda we sebitde durnuksyzlyk döretmek ugurdak täze bir ssenariý hasaplady.
şu gün ikindin Bahram Gasemi Eýranyň sebitdäki roly baradaky Saad haririň aýdan gürrüňlerini ret edip Sionistleriň, Amerikalylary we Saudylaryň Eýrana garşy toslamalarynyň Liwanyň premýer ministri tarapyndan gaýtalanyp durmagy Saad haririň wezipesinden kenara çekilmegini Liwanda we sebitde durnuksyzlyk döretmek ugurdak täze bir ssenariýdigini mälim edýändir emma Liwan halky bu tapgyrdan hem baş ýokary geçjekdir diýip nygtady.
Eýran Yslam respublikasy mydama sebitde parahatçylygy we durnuklylygy isländir we özüniň bähbidini sebitiň parahatçylygynda bilýändir diýip Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi sözüne goşdy.
Saad haririň birdenkä başga bir ýurtda wezipesinden kenara çekilýänligini yglan etmegi onuň sebitiň duşmanlarynyň taslan taslamasyna goşulanlygyny mälim edýändir diýip Gasemi nygtap geçdi.
bu oýunyň we sebitde durnuksyzlyk döremeginiň ýeňijisi Sionist režimidir diýip Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi aýtdy.