Eýranda iň soňky korona ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi korona wirusy sebäpli ýurtda 408 adamyň ölendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň boýunda kowid 19 ýokaşan 408 adamyň ölmegi bilen Eýranda bu keselden ölenleriň sany 115,167-e ýetdi diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyklaýyş ölçeglerine laýyklykda soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda kowid-19 bilen kesellän 22,329 täze hassanyň tapylandygyny we olardan 3 müňden gowragynyň hassahanalarda ýatyrlandygyny yglan etdi.
Hasabata görä, Eýranyň Saglygy goraýyş ministrligi näsaglaryň umumy sanynyň 5,340,656 adama ýetirendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi şeýle-de şu wagta çenli 4 million 627 müň 27 hassanyň sagaldylandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny mälim etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatda ýurtda 1,229,203 dozada korona sanjymynyň sanjym edilendigini habar berdi.