Eýranyň we Orsýetiň prezidentleriniň ýakyn wagtda duşuşmaga umyt bildirmekleri
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i13438-eýranyň_we_orsýetiň_prezidentleriniň_ýakyn_wagtda_duşuşmaga_umyt_bildirmekleri
Eýranyň we Orsýetiň prezidentleri ýakyn wagtda duşuşyga umyt bagladylar.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 14, 2021 13:03 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň we Orsýetiň prezidentleriniň ýakyn wagtda duşuşmaga umyt bildirmekleri

Eýranyň we Orsýetiň prezidentleri ýakyn wagtda duşuşyga umyt bagladylar.

Eýranyň Prezidentiniň maglumat merkeziniň habaryna görä, sişenbe güni Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Eýranyň prezidenti Seýied Ybraýym Raisi bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde, korona keselinden ejir çekmek ähtimallygy sebäpli karantine alnandygyny aýtmak bilen iki prezidentiň gysga wagtda duşuşmagy üçin utgaşdyrylmagyny isledi.

Orsýetiň prezidenti Korona garşy göreşde Moskwa-Tähran hyzmatdaşlygyna, şeýle hem Sputnik sanjymynyň bilelikde öndürilmegine ünsi çekip, bu hyzmatdaşlygyň dowam etjekdigini aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti hem "Wladimir Putin"  bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdfeşlikde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi we çuňlaşdyrmagy dowam etdirýäris diýdi.

Raisi, şeýle hem korona garşy göreşde, şol sanda bilelikdäki waksina önümçiligi pudagynda iki ýurduň arasynda dowamly hyzmatdaşlygyň zerurdygyny aýtmak bilen bu hyzmatdaşlyk, bu global keseli doly ýok edýänçä güýçli dowam etmelidir diýdi.