Amir Abdullahian: Owganystandaky ýagdaý baradaky beýannama barada karara geldik
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i13464-amir_abdullahian_owganystandaky_ýagdaý_baradaky_beýannama_barada_karara_geldik
Eýranyň Daşary işler ministri: "Russiýanyň Daşary işler ministri bilen bolan duşuşygymyzda Owganystandaky ýagdaý baradaky beýannama hakda ylalaşyga ýetdik diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 17, 2021 13:59 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdullahian: Owganystandaky ýagdaý baradaky beýannama barada karara geldik

Eýranyň Daşary işler ministri: "Russiýanyň Daşary işler ministri bilen bolan duşuşygymyzda Owganystandaky ýagdaý baradaky beýannama hakda ylalaşyga ýetdik diýdi.

Huseýin Amir-Abdollahian özüniň twitter hasabynda şeýle ýazdy: ŞHG sammitiniň çäginde Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen geçiren duşuşygymda, Eýran Yslam Respublikasynyň ŞHG-de hemişelik agzalygyny goldaýandygy üçin Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine minnetdarlyk bildirdim we Owganystandaky ýagdaý baradaky beýannama hakda ylalaşyga ýetdik diýdi.

ŞHG-nyň 21-nji sammiti şu gün, anna güni Duşanbe şäherinde, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi ýaly 12 agza we synçy ýurduň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda başlandy.

Sammite Eýranyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Belarusyň, Päkistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň liderleri gatnaşdylar, we Russiýanyň, Hytaýyň, Hindistanyň we Mongoliýanyň prezidentleri hem sammite onlaýn gatnaşdylar.