Eýran bilen Türkmenistanyň prezidentleriniň duşuşygy
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny iki goňşularyň arasyndaky gatnaşyklardan has ýokary bilip şeýle diýdi: Tehran bilen Aşgabat özara gatnaşyklary güýçlendirmek we ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin gowy mümkinçiliklere eýedir.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi Täjigistan saparynyň ikinji güni anna güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedow bilen geçiren duşuşygyda Bilelikdäki ykdysady hyzmatdaşlyk komissiýasynyň yzygiderli ýygnaklary Eýran-Türkmenistan gatnaşyklarynyň giňelmegine täsirli itergi bolup biler diýdi.
Raisi: "Energetika alyş-çalşygy we alyş-çalyşlaryň we harytlaryň üstaşyr mukdaryny ýokarlandyrmak Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin potensial ugurlaryndandyr diýip nygtady.
Duşuşykda iki prezident gaz meselesini çözmek barada ylalaşdylar.
Türkmenistanyň prezidenti hem öz ýurdunyň Eýran Yslam Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklaryndan hoşaldygyny aýtdy we: "Iki ýurduň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk üçin yzygiderli komissiýa gurmagy meýilleşdirýäris" -diýdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow, Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky tranzit kuwwatyny işjeňleşdirmegiň iki ýurduň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň derejesini ýokarlandyrmakda möhüm rol oýnajakdygyny aýtdy.